Altyn asyr Nebitçiniň we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy

Altyn asyr Nebitçiniň we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony Altyn asyr topary Nebitçiden derwezeçi Batyr Babaýewi düzümine goşdy. Ol Türkmenistanyň öz işine iň ussat derwezeçileriniň biridir. Batyr Babaýew 2020-nji ýylda Ahalyň düzüminde oýnaýarka, bir möwsümde derwezesinde iň sak duran oýunçy hökmünde ykrar edildi. BU barada TFF-niň resmi saýty berýär.

Batyr Babaýewiň karýerasynyň agramly bölegi Ahal bilen bagly. Bir ýyl Nebitçide oýnansoň, ol indi Ahalyň çempionatdaky iň esasy garşydaşy bolan Altyn asyryň düzümine goşuldy.

Batyr Babaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem derwezeçisidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ahal we Merw toparlary duşuşyklaryň soňky minutlarynda ýeňiş gazandylar
Arkadag futbol topary 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini saklaýar
Arkadag topary öňe saýlandy we Köpetdag bilen Aşgabat toparlary bolsa garaşylmadyk ýagdaýda güýçli toparlary ýeňdiler
“Berk üçek” kompaniýasy polimer kompozitden reňkleýjileriň önümçiligini ýola goýdy
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler