Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2026-njy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynda 1 müň 400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.
Sebitde şu oba hojalyk ýylynda ýazlyk ýeralma ekilen etraplaryň ählisinde hem möwsüme ykjam taýýarlykly gelinmegi, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy hem-de ekişiň öz wagtynda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, ekiş geçirilen ähli meýdanlarda bu ekiniň endigan gögeriş gazanylmagyny üpjün etdi.
Her gektardan 140 sentner ýeralmanyň hasylyny almagy maksat edinýän lebaply babadaýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredip, daýhançylygyň synagdan geçen talaplaryna laýyklykda ideg işlerini, ýagny, suwarmak, hatarara bejergilerini geçirmek, zerur bolan organiki hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çärelerini yzygiderli alyp barýarlar.
Bu bolsa, ýeralmanyň talabalaýyk boý almagyna we hasyllylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýylyň ýylyna welaýat boýunça bu ekiniň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan Çärjew etrabynda ýazky möwsümde 380 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 5 müň 320 tonna, Dänew etrabynda 300 gektar meýdandan 4 müň 200 tonna, Saýat we Kerki etraplarynda hem degişlilikde ýeralma ekilen 200 we 150 gektar ýerden 2 müň 800 we 2 müň 100 tonna hasyl almaklyk göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Gündogar sebiti boýunça şu ýyl 900 gektar ýerde ýazlyk sogan ekilip, her gektaryň hasyllylygyny 250 sentnere ýetirmeklik, möwsümde bolsa 22 müň 500 tonna sogan öndürmek meýilleşdirilýär.
Bu ugurda etraplaryň ählisinde hem işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, ekinlere talaba laýyk ideg edilmegi netijesinde soganyň bol hasylynyň kemala getirilýändigini belläp geçmek bolar.Bu işde welaýatyň Döwletli hem-de Çärjew etraplarynyň gök ekerançylary has tapawutlanýarlar.
Olar şu möwsümde hem degişlilikde 260 we 250 gektar ýerde ýazlyk sogan ekip, ondan 6 müň 500 we 6 müň 250 tonna hasyl almaklygy maksat edinýärler. Ýakyn wagtlarda hasyly ýygnalyp başlanjak, häzirki wagtda görseň gözleriňi dokundyrýan ýeralma hem-de sogan ekilen meýdanlar, bu ýerlerde alnyp barylýan gyzgalaňly işler lebaply ekerançylaryň bu azyklyk ekinleriniň bol hasylyny alyp, bellenen maksada ynam bilen ýetjekdiklerine güwä geçýär.
