Möý adam 3 girdeji ýygymy boýunça Gara panteradan öňe geçmegi başardy

Möý adam 3 girdeji ýygymy boýunça Gara panteradan öňe geçmegi başardy

Deadline neşiriniň ýazmagyna görä, 2021-nji ýylyň blokbasteri Möý adam: Öýe ýol ýok watany ABŞ-da, şeýle-de tutuş dünýäde girdeji ýygymy boýunça garaşylmadyk netijeleri görkezýär. Ýagny, dynç günleriniň dowamynda film amerikan prokatynda girdeji ýygymyny 705 mln dollara ýetirmegi başardy. Bu barada csn-tv.ru belleýär.

Şeýle görkeziji bilen ol Marvel-iň “Gara pantera” filminden öňe geçdi. Indi ol Demirgazyk Amerikada çykan iň üstünlikli kino taslamalarynyň sanawynda dördünji orunda ýerleşýär. Ondan öňde “Awatar” (760 mln dollar), “Ar alyjylar 4: Final” (858 mln dollar) we “Ýyldyz söweşijileri: Epizod 7 Güýjüň oýanmagy” (936 mln dollar) filmleri bar.

Super gahrymanyň we onuň keşbini ýerine ýetiriji Tom Hollandyň muşdaklary öň Marvel we Sony studiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan habar berlişi ýaly, iň bolmanda, ýene bir filmde olary bilelikde görerler.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri 1
Möý adam ABŞ-da ilkinji prokat güni kassa ýygymy boýunça rekord goýdy
“Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň muşdagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Ýylyň garaşylýan “PlayStation” oýunlary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary