Moldowa we Gruziýa Türkmenistanyň ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryna öwrülýär

Moldowa we Gruziýa Türkmenistanyň ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryna öwrülýär

Türkmenistan Moldowa we Gruziýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça gatnaşyklaryň täze tapgyryna gadam goýýar. Awazadaky Berkarar myhmanhanasynda döwletleriň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada resminamalara gol çekildi.

Olaryň biri Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakyndaky Ylalaşykdyr. Bu resminama Türkmenistan tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew gol çekdi. Şeýle hem Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, infrastruktura we sebitleýin ösüş ministri Andreý Spynan resminama öz goluny goýdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwiatişwiliniň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň esasy awtobus duralgasynyň şäheriň merkezinden çetine göçürilmegi köp ýaşaýjyda nägilelik döredýär
Ulag ulgamynda halkara resminamalara gol çekildi
Türkmenistan 2023-nji ýylda öz ýük gämilerini gurup başlar
Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi
Akyldaryň okan mekdebi
“Abadan” önümçilik kärhanasy mürepbeleriň täze görnüşini ýola goýdy