Ulag ulgamynda halkara resminamalara gol çekildi

16-njy awgustda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde birnäçe möhüm halkara resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

“Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen gol çekmek dabarasynda Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasynda resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, infrastruktura we sebitleýin ösüş ministri Andreý Spynanyň arasynda “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Moldowa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawy hakyndaky” ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwiatişwiliniň arasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Gruziýanyň Deňiz ulag agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň arasynda halkara awtomobil daşamalary ösdürmek babatda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Bu resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew, rus tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Witaliýe Sawelýew gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň esasy awtobus duralgasynyň şäheriň merkezinden çetine göçürilmegi köp ýaşaýjyda nägilelik döredýär
Türkmenistan 2023-nji ýylda öz ýük gämilerini gurup başlar
Moldowa we Gruziýa Türkmenistanyň ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryna öwrülýär
Türkmendeňizderýaýollary agentligine täze ýolbaşçy bellenildi
Akyldaryň okan mekdebi
“Abadan” önümçilik kärhanasy mürepbeleriň täze görnüşini ýola goýdy