Müň köller ýurdunyň bilermenleri Aşgabatda

Müň köller ýurdunyň bilermenleri Aşgabatda

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Finlýandiýanyň Martti Ahtisaari adyndaky Parahatçylyk gaznasynyň bilermenleriniň ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýokary okuw mekdebiniň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň ylmy işgärleri bilen duşuşygy boldy.

Soňky wagtlarda bu Ýewropanyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçirilen ilkinji duşuşyk däldir.Mundan ozal, işjeň gatnaşyklary ýola goýmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy guramak maksady bilen, Italiýanyň, Polşanyň we ÝB-niň beýleki ýurtlarynyň seljerijileri Türkmenistanyň paýtagtynda tanyşlyk saparlarynda boldular. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky bähbitleri energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýa ýoluna goýmaga, ulag geçelgelerini ösdürmäge we sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýakyn Gündogardaky wakalar bilen bagly durnuksyzlygyň häzirki şertlerinde Ýewropanyň ykdysadyýeti üçin möhüm çig mal bolan uglewodorod serişdelerine elýeterliligi üpjün etmek ÝB üçin örän ähmiýetlidir. Şundan ugur alyp, Aşgabada gelen gaznanyň bilermenleri Janan Mosazaýyň, Otto Turtoneniň we Lusile Bardiniň Merkezi Aziýa sebitine hem-de Türkmenistana bolan gyzyklanmasy düşnüklidir.

Finlýandiýaly myhmanlar Türkmenistanyň paýtagtyndaky saparynyň ilkinji gününde Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar, Türkmen halysynyň milli muzeýinde boldular hem-de Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlik geçirdiler.Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň ylmy işgärleri bilen geçirilen duşuşyk açyklyk we özara ynam ýagdaýynda geçdi.

Merkeziň direktory, ilçi Şiri Şiriýew myhmanlara öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işi barada maglumat berdi.Ol Merkeziň ylmy işgärleriniň gatnaşan maslahatlary, duşuşyklary barada gysgaça durup geçmek bilen, soňky döwürde işjeň gatnaşyklar ýola goýlan beýleki ýurtlaryň seljerijileri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada habar berdi we iş tejribesi bilen paýlaşdy.

Finlýandiýaly bilermenler bilen geçirilen söhbetdeşlige Merkeziň işgärleri Bekdurdy Amansaryýew, Allaberdi Nyýazow we Orazmuhammet Annabaýew hem gatnaşdylar.Gaznanyň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň DIM-niň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, degişli Ähtnama gol çekmäge taýýarlyk görülýär.

Ýene degişli makalalar

“Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Ýazyjylaryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan maslahat we aýdym-sazly dabaralar
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar