Müsürde, Ysraýylly Syýahatçylar Nyşana Alyndy

Müsürde, Ysraýylly Syýahatçylar Nyşana Alyndy

Müsürde, ysraýylly syýahatçylary nyşana alan hüjümde 3 adam ýogaldy.

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi, Müsüriň Iskenderiýe şäherinde guralan ýaragly hüjüm hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, müsürli 1 adam tarapyndan od açylandygy sebäpli ysraýylly 2 syýahatçy bilen müsürli 1 ýolbelediň ýogalandygy, ysraýylly 1 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň raýatlarynyň gysga wagtda ýurda dolanmaklary üçin müsürli ýolbaşçylar bilen aragatnaşyk saklanylýandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Kuweýdiň Emirini Döwlet Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Ysraýyl Gazada Metjidi we Buthanany Nyşana Aldy
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Siriýanyň Harby Goşuny Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Ukraina, Kerç Bogazynda Rus Tankerini Nyşana Aldy