Ukraina, Kerç Bogazynda Rus Tankerini Nyşana Aldy

Ukraina, Kerç Bogazynda Rus Tankerini Nyşana Aldy

Ukrainanyň, Kerç bogazynyň golaýynda rus tankerine uçarmasyz howa ulagy bilen hüjüm gurandygy habar berildi.

TASS habarlar gullugynyň berýän habarynda, Kerç bogazynyň golaýynda rus tankeriniň, Ukrainanyň harby goşunynyň uçarmansyz deňiz ulagynyň hüjümine sezewar bolandygy nygtaldy.

Beýannamada, tankeriň ekipažynyň wakada ýaralanmadan halas bolandygy, emma tankere uly zeper ýetirlendigi bellenildi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ukrainanyň razwetka gullugy tarapyndan rus tankerine operasiýa guralandygy nygtaldy.

Russiýanyň iň güýçli nebit tankerlerinden biriniň Krym köprüsüniň golaýynda nyşana alynandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Ysraýyl Gazada Metjidi we Buthanany Nyşana Aldy
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Müsürde, Ysraýylly Syýahatçylar Nyşana Alyndy
Siriýanyň Harby Goşuny Asuda Ilaty Nyşana Aldy