Mugla welaýatynda 79 bosgun halas edildi

Mugla welaýatynda 79 bosgun halas edildi

Türkiyäniň Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň suw giňişliginde Gresiýanyň kenarýaka howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Türkiyäniň suw giňişligine itilen 79 bosgun halas edildi.

Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk güýçleri tarapyndan berilen beýanata görä, Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň suw giňişliginde ýelkenli gäminiň içinde bosgunlaryň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda Kenarýaka howpsuzlyk güýçlerine degişli topar sebite gönükdirildi.

Topar Gresiýanyň kenarýaka howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Türkiyäniň suw giňişligine itilen 79 bosguny halas etdi.

Bosgunlar deslapky işlerden soň welýatyň Migrasiýa müdürligine gönükdirildi.

Ýene degişli makalalar

Mugla welaýatynda 33 bosgun halas edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mugla welaýatynda 14 bikanun immigrant halas edildi
FETÖ-niň agzasy Koraý Wural Türkiyä getirildi
“Star Legend” Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny