Mukaddes topragyň üstünde, parahat asmanyň astynda ýaşamak bagtdyr

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygar bilen geçýän 2026-njy ýylda ýurdumyzda köp sanly ähmiýetli wakalar bellenilýär. Şolaryň iň möhümleriniň biri hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygydyr. Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda sungatyň dürli görnüşleri boýunça talyplaryň işleriniň sergisi açyldy.

Eserleriň esasy özeni türkmen halkynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we ata-babalaryň mukaddes topragynda parahat asmanyň astynda bagtyýar durmuşda ýaşamagy boldy.Sergide ýaş suratkeşleriň we dizaýnerleriň ýerine ýetiren meşhur binagärlik desgalary görkezilýär.

Talyplaryň ýygy-ýygydan ýüzlenýän temalarynyň biri hem türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen akylly Arkadag şäheridir.Zergärçilik fakultetiniň talyplary tarapyndan seýrek gözellik we nepislik bilen ýerine ýetirilen zenan şaý-sepleri aýratyn tapawutlandylar.

Telewizor ekranynda multfilm gahrymanlarynyň gatnaşmagyndaky täsirli pursatlar görkezilýärdi.Elbetde, hemişeki ýaly, suratkeşleriň işleri myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.Hemra Baýramow Bagtly maşgala atly eseriň awtorydyr.Onuň suratyndaky ene we onuň iki oglunyň gözlerinden bagt şuglasy saçylýar.

Olaryň nazarynda bir pikir duýulýar: Biz bile, şonuň üçin hem bagtly.Surat öz sadalygy we ýürekden beýan edilişi bilen tomaşaçylaryň kalbyna ýol tapýar.Ahalteke bedewleriniň şekillendirilen suratlaryň arasynda Ogulbagt Dädebaýewanyň we Kerwen Nurlyýewiň işleri aýratyn ünsi çekýär.

Iki surat hem Arzuw diýlip atlandyrylýar.Iki eserde-de bedewiň gapdalynda gyz şekillendirilip, olar öz gözelligi bilen haýrana goýýar.Suratlar dürli usullarda ýerine ýetirilipdir: Ogulbagt açyk sary öwüşginli reňklerde nokatlaýyn çalym tehnikasyny ulanýan bolsa, Kerwen Nurlyýew çal öwüşginli kubizm usulyny suratkeşiň açyk gyzyl köýnegi bilen sazlaşdyrýar.

Ogulbagtyň gahrymany söýgi hakda arzuw edýär, muny miweli nar agajynyň şahasy alamatlandyrýar.Kerweniň gahrymany bolsa bedewiň keşbinde geljekki ajaýyp eseri görýär.Suratlar sergide biri-birinden uzak ýerleşdirilen hem bolsa, tomaşaçynyň hyýaly bu iki owadan gyzy bir ýere jemleýär: biri üçin bedew arzuw bolsa, beýlekisi üçin ol arzuwyň amala aşmasydyr. Çagalar baradaky suratlar hem örän köp. Şeýlelikde, talyplar çagalara uly üns berýän jemgyýetiň abadan we geljegi ýagty jemgyýetdigini nygtamak islediler. Şol mowzuga degişli eserleriň biri hem Aýgözel Annamyradowanyň Bagtly nesil atly işidir.

Suratkeş birinji synp okuwçylarynyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenjini beýan edýär.Bu oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň köpüsi ilkinji gezek hakyky sungat bilen ýüzbe-ýüz bolýar we bu gün olaryň ýadynda hemişelik galar.

Suratkeş Gülmährem Tagiýewa bir gün başlangyç synp okuwçylarynyň sapagyna gatnaşyp, şol ýerde höküm süren şatlykly we bilesigelijilikli ýagdaýy tomaşaçylar bilen paýlaşdy.Ogulnur Annamyradowanyň suratynda suratkeşiň ussahanasyna girmäge rugsat berilmedik çagalar şekillendirilýär.

Emma gadagan edilen zat has gyzykly bolýar.Düşnüksiz syrly ys gelip duran boýaglaryň we molbertleriň arasynda oýnaýan çagalaryň şatlygyny suratkeş ussatlyk bilen beýan edipdir.Ogulnur çagalaryň şol şatlygyny Ussahanada atly eserinde janlandyrypdyr.

Sergide görkezilen eserler dürli temalary öz içine alýar.Olar şeýle bir ýürekden çekilipdir welin, gahrymanlaryň gözlerinde duýgular şöhle saçýar.Bu bolsa biziň öňümizde hakyky sungatyň bardygynyň iň esasy subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda