Muny bilmek gyzykly

Dünýädäki iň uzyn agaç ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndadyr.Onuň uzynlygy 115 metre barabar.Dünýäde kyrkaýagyň 3000-den gowrak görnüşi bolup, olaryň 800-den gowragy hasaba alnandyr.Begemotyň derisiniň galyňlygy 4 sm-e barabar.Möýler dok bolsalar-da, iýmit gory üçin mydama aw awlaýar.Siňekleri kowmak üçin sarymsakdan peýdalanyp bilersiňiz.Daşky gurşawa görä reňkini üýtgedýän hameleonlar özüni duýşuna görä, hem reňkini çalyşýar.

Meselem, gorksalar olaryň reňki çala öwrülýär.Eger-de ýarganat ýarawsyzlygy sebäpli awa çykyp bilmese, goňşulary ony iýmitlendirýärler.Günorta Amerikada ýaşaýan gurbaganyň bir görnüşi öz duşmanyndan gözleriniň arkasyndaky zäherini pürkmek arkaly goranýar.Adam her günde ortaça, 23 müň gezek dem alyp bilýär.Ýarym kilogram bal öndürmek üçin balarylary iki milliondan gowrak güle gonmaly bolýarlar.Amerikan ýerlileri hindi towugyny hiç haçan iýmändirler. Çünki şeýle ýuwaş haýwany öldürmek ýaltalyk hasap edilýän eken.Pingwinler ýüzüp bilýän, ýöne uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.Jennet Nobatowa,S.A.Nyýazow adyndakyTürkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Parahatçylygyň ýaş çaparlary: III möwsümiň ýene 2 sany ýarym finalçysy belli boldy
Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Täze ýyl baýramy mynasybetli Ahal welaýatynda konsert geçiriler
Täze ýyl mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk konserti geçiriler
Berdimuhamedow 528 tussagyň günäsini geçip, salgytlaryň doly möçberinde ýygnalmagyny tabşyrdy
Konserwatoriýanyň talyplary bagşyçylyk sungatynyň syrlaryny öwrenýärler