Prezident birnäçe etraplaryň häkimlerine täze orunbasarlary belledi

Prezident birnäçe etraplaryň häkimlerine täze orunbasarlary belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimleriniň orunbasarlaryny, ynanylan wezipäni oňarmandyklary üçin, eýeleýän wezipelerinden boşatdy we olaryň ýerine täze orunbasarlary wezipä belledi. Döwlet Baştutany degişli Kararlara şu gün — 31-nji iýulda gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda, hususan-da:

Nurgeldiýew Aýdogdy Geldimämmedowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Döwrangeldi Ezizgeldiýewiç Baýramow bellenildi.

***

Öräýew Mämetgeldi Amanmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Aşyrmyrat Rejepdurdyýewiç Sapardurdyýew bellenildi.

***

Atakeýew Merdan Tirkeşowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Ataş Myradowiç Oraýew bellenildi.

***

Baýramdurdyýew Gurbandurdy, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Atamurat Otuzbaýewiç Kanjanow bellenildi.

***

Baýramgeldiýew Kuwwatgeldi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Begenç Nobatowiç Bazarow bellenildi.

***

Baýmuhammet Maksatmyradowiç Nurmämmedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda