Murgap derýasy

Murgap derýasy Mary welaýatynyň çäginden akyp geçýär.Ol özüniň süýji suwy bilen bu welaýatyň ýüz müňlerçe gektar ekerançylyk ýerlerini, öri meýdanlaryny suwlandyrýar.Derýa öz gözbaşyny Pamir daglaryndan alyp gaýdýar.

Onuň jemi uzynlygy 978 kilometr bolup, şonuň 530 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçýär.Bu derýa öz hanasyndaky suwuny ýagyş we gar suwlaryndan toplaýan derýa hasaplanýar.Murgap derýasynyň suwy esasan, mart aýynda, käbir ýyllarda bolsa, fewral, aprel aýlarynda köpelýär.

Döwletimiziň çäginde oňa Kaşan we Guşgy derýalary, Owganystan bilen serhetde Kaýsar derýasy goşulýar.Kaşan we Guşgy derýalary mart, aprel aýlarynda bol suwly bolsa-da, tomsuň gelmegi bilen suwy azalyp gurap galýar.

Murgap derýasy Mary şäheriniň demirgazyk-günbatarynda Garagum çölünden geçip gidýär.Murgap derýasynyň ugrunda ata-babalarymyz uly howdanlary, bentleri gurup, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar.Soňky döwürlerde-de bu derýanyň ugrunda bentleriň birnäçesi guruldy.

Bu howdanlar suwuň köp wagty artyk suwy özüne ýygnamakda hem-de suwy gyrmançadan arassalap, tomus möwsüminde ýene-de derýany suwlandyrmakda uly hyzmaty ýerine ýetirýär.Ýurdumyzyň oba hojalygyny, halk hojalygyny, senagatyny ösdürmekde bu derýanyň mynasyp paýy bar.

Ýene degişli makalalar

Guşgy derýasynyň suwy joşdy, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetdi
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Kyzylyrmak Derýasy
Marylylar aýazly gyşyň yz ýany, suw joşmalaryndan aladalanýar
Marylylar aýazly gyşyň yz ýany, suw joşmalaryndan aladalanýar
Erbilde Taryhy Bazar Ýandy