Myrat Garryýew adyndaky TDLU-da biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirildi

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-da biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirildi

5-7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Halkara internet olimpiadasyna türkmen talyplary bilen birlikde dünýäniň 26 döwletinden, hususan-da ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Polşadan, Awstriýadan, Wengriýadan, Bolgariýadan, Rumyniýadan, Kipr döwletinden, BAE-den, Hindistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Günorta Koreýadan, Malaziýadan, Russiýadan we GDA-a girýän beýleki ýurtlardan 96 ýokary okuw mekdebiň, şol sanda TDLU bilen özara Ylalaşyklar, Ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim ojaklarynyň 550-ä golaý talyplary gatnaşdylar.

Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi we altyn, kümüş, bürünç medallary hem-de degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar bilen sylaglanyldy.

Ders bäsleşiginiň netijesinde halkara talaplara laýyklykda 79 sany talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 18-si 1-nji orny, 27-si 2-nji orny, 34-si 3-nji orny eýelediler hem-de degişlilikde altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

TDLU-da biologiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirildi
Türkmenistana Altyn bürgüt syýahatçylyk otlusy geldi
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda uçurym boljak ýaşlarynyň arasynda internet olimpiadasy geçirildi
Salam, mekdebim!
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
Mekdep okuwçylary her ýyl geçirilýän ders bäsleşiginiň etrap tapgyrlaryna taýýarlanýarlar