N.Amannepesow Çolpan ata forumynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi

N.Amannepesow Çolpan ata forumynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu gün Gyrgyzystanyň Çolpan ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýewropa Bileleşiginiň döwlet Baştutanlarynyň Ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Şeýle-de bu duşuşyga Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Prezidenti Şarl Mişel gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, wise-premýer N.Amannepesow öz çykyşynda sebit we halkara derejesinde strategiki hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga, sebitiň ulag-logistiki mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen işleri ilerletmekde gepleşikleriň Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki duşuşygyna möhüm ähmiýetiň degişlidigine ünsi çekdi.

Gyrgyz elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy sebitiň ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigi bilen saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlary boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde baý tejribä eýedikilerini, munuň bolsa geljekde köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler
Magtymguly Pyragy döwürleriň şahyry
Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri sylaglanar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady