Näme üçin pallaýarys?

Alymlar 2 müň ýyldan bäri pallamagyň sebäplerini öwrenmäge çalyşýarlar.Köplenç, ýadawlyk, içgysgynçlyk ýa-da başga biriniň pallaýandygyny görmek pallamagymyza sebäp bolýar.ABŞ-nyň Merilend uniwersitetiniň psihology Robert Prowaýn pallamagyň nähili bolup geçýändigini öwrenmek üçin geçiren amaly barlaglary bilen tanalýar.

Onuň aýtmagyna görä, belli grek lukmany Gippokrat 2500 ýyl mundan ozal bu ugurda ilkinji barlaglary geçiripdir we pallamak bedeniň ýaramaz howasyny arassalamaga kömek edýär diýen netijä gelipdir.Lukmanlar XIX asyra çenli bu pikiriň dogrudygyny kabul edipdirler.

XIX asyrda alymlar pallamagyň kömürturşy gazyny bedenden aýyrýandygyna we gana has köp kislorodyň girmegine ýol açýandygyna göz ýetirýärler.Pallamak baradaky nazaryýetlerde onuň ýokançdygyna, ýagny biriniň pallanyny gören adamyň hem pallaýandygyna has köp üns berildi.

Prowaýn adamlaryň 50 göteriminiň biriniň pallanyny göreninde, oňa pallamak bilen jogap berýändigini aýdýar.Alym Ol şeýle bir ýokuşýar welin, pallaýan birini görmek ýa-da ol barada eşitmek, hatda pallamak hakynda okamak hem pallamaga sebäp bolup bilýär diýip belleýär.

Şweýsariýanyň Bern uniwersitetiniň professory Kristian Hess köpçüligiň gatnaşmagynda geçirilen barlaglara esaslanyp, toparyň içinden biri pallasa, şol ýerde uky atmosferasyny döredip bilýändigini belleýär.Adam tolgunan wagty hem pallaýar.Türgen ýaryşdan öň, aýdymçy ýa-da sazanda konsertden öň az-kem tolgunýar we şonuň netijesinde has köp pallaýar. Şonuň üçin hünärmenler pallamagyň beýnini oýaryjy aýratynlygynyň bardygyny, ukyň gelen wagty hem beýnini oýarmak üçin pallamak ýagdaýynyň ýüze çykýandygyny belleýärler.

Golaýda Nýu-Ýork uniwersitetiniň ylmy işgäri Endrýu Gellap täze pikiri orta atdy. Gallupyň pikiriçe, pallamak beýnini gyzmakdan goraýar. Eňegiň giňden açylmagy kelläniň içinde gan aýlanyşygyna, artykmaç ýylylygyň paýlanmagyna mümkinçilik berýär we pallanylýan wagtda alnan dem bilen beýnini sowadýar.

Aýna Hajyorazowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň talyby.

The post Näme üçin pallaýarys? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Bir asyrlyk ylmy tejribe
Alymlar: internet adamyň aňyna zyýan ýetirmeýär
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Britaniýalylar Patyşa maşgalasynyň iň ýakymly agzasyny agzadylar
Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar
ABŞ-da Konstitusiýanyň bir nusgasy auksionda satyldy
Nýu-Ýork şäheriniň täze meri saýlandy