Näme üçin piliň gulaklary uly?!

Gury ýerde ýaşaýan uly jandarlaryň biri bolan piller adamlaryň iň ýakyn dostlarynyň biridir.Pilleriň beýleki haýwanlardan esasy tapawudy olaryň holtumy we ullakan gulaklarynyň bolmagydyr. Ýer ýüzünde, esasan, iki görnüşli pil bolup, olar Hindistan (ýa-da Aziýa) we Afrika pilleridir.

Afrikada ýaşaýan piller has uly bolup, olaryň gulaklary ortaça 50 kilogram töweregi bolýar.Aziýa pilleriniň gulaklary bolsa, sähel kiçiräkdir.Bu jandarlar gulaklaryny ýelpewaç ýaly galgadyp, siňekdir mör-möjeklerden goranýarlar.

Mälim bolşy ýaly, kiçiräk jandarlar haýsydyr bir duşmanyna sataşsa, bedenlerini çişirip, olary gorkuzýar.Mysal üçin, pişikler duşmanyny gorkuzmak üçin tüýlerini pezzerdýärler.Bu ýagdaý pillerde hem bar.Afrika pilleri gulaklaryny 2 inedördül metrden hem uly edip açýarlar. Şeýle ýagdaýdaka seredeniňde pil has uly görünýär.

Pilleriň ýaşaýan ýerleri adatça, yssy howaly bolup, olar gulaklary bilen serginleýärler.Pilleriň bedenleri hernäçe uly bolsa-da, derisi bedenindäki gyzgynlygy kadaly ýaýradyp bilmeýär.Sebäbi, pilleriň aýratynlyklarynyň biri deri mäzleriniň ýoklugydyr. Şol sebäpli olar yssy günlerde derlemek arkaly beden temperaturasyny düşürip bilmeýärler. Şeýle bolansoň, piller gulaklaryny ýelpewaç hökmünde ulanýarlar.Piller adamyň sesinden onuň ýaşyny tapawutlandyryp bilýärler.Eger-de eşiden sesleri olary gorkuzsa ýa-da howsala salsa wagt ýitirmän goranmak üçin herekete geçýärler.Afrika erkek piliniň boýy 4 metr we agramy 7000 kilograma ýetýär.

Olar uzyn we ýiti dişlerini ýeri gazmak üçin ulanýarlar.Urşanlarynda hem dişlerini ýarag hökmünde peýdalanýarlar.Piller ot bilen iýmitlenip, olar tokaýlarda, çöllerde we batgalyk ýaly tebigy ýerlerde ýaşaýarlar.Piller adatça suwuň kenarlarynda gezmegi halaýarlar.Piller adatça öz çagalary we maşgala agzalary bilen topar bolup ýaşaýarlar.Pilleriň maşgalalary wagtal-wagtal bir ýere toplanyp, has uly topar bolup ýaşaýarlar.Piller tebigy şertlerde 70 ýyla çenli ýaşap bilýärler.Piller uzak aralykdan adamlaryň eşidip bilmejek pes desibelli seslerini eşidip, bir-biri bilen habarlaşýarlar.Piller başga bir piliň sesini 8 kilometr uzaklykdan eşiýärler.

Ýene degişli makalalar

Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
Alymlar howanyň üýtgemeginiň ýetirjek zyýanyna baha berdiler
Afrikaly işewür adamlar türk kärhanalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirýärler
GAR-da gülgün reňkli pili surata düşürdiler
Burkino-Fasoda Buthanada Guralan Hüjümde 15 Adam Ýogaldy
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi