Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalaryna çäklendirilen patentler berildi

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalaryna çäklendirilen patentler berildi

Nebitli guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmekde gerek bolan himiki serişdeleri we düzümleri almak boýunça Nebitgazylmytaslama institutynyň Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň dowamynda alym-hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanan Nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemegiň usuly atly 883 belgili oýlap tapyşa Türkmenistanyň çäklendirilen patenti alyndy. Bu barada Balkan gazetinde habar berildi.

Hödürlenilýän usul bolan alýumin gossipolýatynyň çökündisi bilen gatlak suwuny çäklendirmek işlerini geçirmek üçin zerur hasaplanylan tehnologik işleriň meýilnamasy düzüldi we Goturdepe nebitgaz käniniň önüminiň suwlulygy ýokary bolan 3 guýusynda önümçilikde synag işleri geçirildi. Geçirilen synag işlerinde netijelilik gazanylandygyny göz öňünde tutup, ony önümçilikde ulanmak teklip edildi.

Agzalan laboratoriýanyň hünärmenleri Asfalten-smola we parafin çökündilerinden arassalamagyň usuly atly 923 belgili oýlap tapyşyň çäklendirilen patentiniň eýesi boldular. Bu oýlap tapyş nebit guýularynyň göteriji we nebit akdyryjy turbalarynda hem-de guýynyň düýpýaka zolagynda emele gelýän parafin gatlaklaryny arassalamakda diýseň ähmiýetlidir.

Önümçilikde ulanmak üçin ýaramly, elýeter we arzan himiki serişdeleri işläp almak boýunça Gyýanlydaky polimer zawodynyň piroliz önümi bolan pirobenzini ulanyp görmeklige degişli ylmy-barlag tejribe işleri geçirildi. Seljermäniň netijelerine esaslanyp, parafini aýyrmakda pirobenzini gyş we tomus möwsüminde ulanmagyň gözükdirijisi laboratoriýanyň alym-hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi we Türkmennebit döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirliklerinde ulanmak üçin hödürlendi.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit döwlet konserni boýunça üç aýda bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi
Balkan welaýatynda önüm bermeýän gara altynly guýular abatlanýar
Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy
Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary gara altynyň täze senagat akymyny almagy başardy
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Gabarda Nebit Önümçiligi Artdy