Nebitmaş DK-dan ýokary hilli elektrik goraýjylar, işlediji-söndürijiler, şkaflar we düzüm bölekleri

Nebitmaş DK-dan ýokary hilli elektrik goraýjylar, işlediji-söndürijiler, şkaflar we düzüm bölekleri

Baý iş tejribesine hem-de ösen önümçilik tehnologiýalaryna esaslanýan Nebitmaş döwlet kärhanasy ýokary hilli elektrik önümlerini hödürleýär.

Elektrik tehniki senagaty üçin niýetlenen önümleriň giň haryt görnüşi şulary öz içine alýar:

- goraýjylar: elektrik zynjyrlaryny, elektrik simlerini we naprýaženiýe transformatorlaryny goramak üçin niýetlenen kwars çägeli we PN-2 PK goraýjylary (0,4 kW çenli nominal naprýažniýe we 100A, 250A, 400A, 630A nominal tok üçin);

- tok işlediji-söndüriji enjamlar: RPS 1-100A, RPS 2-250A we RPS 4-400A görnüşli bu enjamlar elektrik toguny awtomatiki ýapmak we açmak, şeýle hem gysga utgaşdyryjy toklardan goramak üçin niýetlenendir. Tok işlediji-söndürijiler elektrik paýlaýyş şkaflarynda, kommutatorlarda, gutularda we beýleki kuwwat paýlaýjy enjamlarda oturdylýar;

- paýlaýyş şkaflary: elektrik üpjünçilik ulgamlarynda elektrik energiýasyny almak we mundan beýläk hem paýlamak üçin niýetlenýär;

- düzüm bölekleri: R-1000 we RPS tok işlediji-söndüriji enjamlar, şpilkalar, 1 kW çenli naprýaženiýeli transformatoryň giriş we çykyş kontaktlary.

Nebitmaş döwlet kärhanasynyň önümleri ygtybarlylygyny we berkligini kepillendirýän önümçiligiň ähli basgançaklarynda berk hil gözegçiliginden geçýär. Kompaniýa yzygiderli innowasion işläp taýýarlamalaryny durmuşa geçirýär, önümçilik işlerini kämilleşdirýär hem-de önümleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ýokarlandyrýar.

Has giňişleýin maglumat almak ýa-da sargyt etmek üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69, (+993 12) 76 02 25 (faks).

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N.Pomma), 6-njy jaý.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny