Nebitmaş DK: elektrotehniki pudakda ygtybarly hyzmatdaş

Nebitmaş DK: elektrotehniki pudakda ygtybarly hyzmatdaş

Nebitmaş DK — Türkmenistanda ýokary hilli elektrotehniki önümlerini öndürmäge ýöriteleşen öňdebaryjy kärhana.

Häzirki wagtda kärhananyň assortimenti şulardan ybarat:

- goraýjylar: elektrik zynjyrlaryny, elektrik simlerini we naprýaženiýe transformatorlaryny goramak üçin niýetlenen kwars çägeli we PN-2 PK goraýjylary (0,4 kW çenli nominal naprýažniýe we 100A, 250A, 400A, 630A nominal tok üçin);

- tok işlediji-söndüriji enjam: RPS 1-100A, RPS 2-250A we RPS 2-400A görnüşli bu enjamlar K3 toklaryndan, ýygylygy 50 Hz we 380W çenli naprýaženiýeli uzak möhletli üýtgeýän tokdan goramak üçin niýetlenip, elektrik paýlaýyş şkaflaryna, şitlere, gutulara we beýleki elektrik energiýasyny paýlaýjy enjamlara oturdylýar;

- paýlaýyş şkaflary: elektrik üpjünçilik ulgamlarynda elektrik energiýasyny almak we mundan beýläk hem paýlamak üçin niýetlenýär;

- düzüm bölekleri: R-1000 we RPS tok işlediji-söndüriji enjamlar, şpilkalar, 1 kW çenli naprýaženiýeli transformatoryň giriş we çykyş kontaktlary.

Kärhana Türkmenistanda elektrik enjamlaryny öndürýän iň köne we tejribeli öndürijileriň biridir.

Has giňişleýin maglumat almak ýa-da sargyt etmek üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69, (+993 12) 76 02 25 (faks).

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N. Pomma), 6-njy jaý.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Nebitmaş DK-dan ýokary hilli elektrik goraýjylar, işlediji-söndürijiler, şkaflar we düzüm bölekleri
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
1 Hepde-de108 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler
PKK-a agza 2 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar