Nemes kompaniýasy Angliýada Gün energiýa bekedi gurar

Germaniýanyň RWE energiýa kompaniýasy ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa amallaryny giňeltmek meýilnamasynyň çäginde Angliýada 600 MWt kuwwatlylygy bolan Gün fermasyny gurar.Bu desga müňlerçe öýi “ýaşyl” energiýa bilen üpjün eder. Önümçilik kuwwaty 600 MWt bolan Gün fermasy 2029-njy ýylda işe giriziler.

Täze desganyň “Tween Bridge” atly gury ýerdäki ýel fermasynyň gapdalynda ýerleşjekdigi bellenilýär.Bu bolsa goşmaça elektrik liniýalaryny ýa-da beýleki infrastrukturasyny gurmak zerurlygyny aradan aýrar. Şeýle hem desganyň golaýynda Gün elektrik stansiýalaryndan başga-da, elektrik durnuklylygyny üpjün etmek üçin batareýalar gurlar.

Adatça, gazylyp alynýan energiýa serişdelerini has köp peýdalanýan RWE energiýa kompaniýasy soňky ýyllarda “ýaşyl” energiýa üçin hem maýa goýumyny artdyrýar. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda hem-de Angliýada arassa energiýa serişdeleriniň önümçiligine berilýän goldawyň artmagy bilen RWE hem maýa goýumlaryny atdyrýar.

Aýmuhammet Durdyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary
06.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy
2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy
Türkmen teleporty hemra aragatnaşygy hyzmatlarynyň çägini has giňelder
TürkmenÄlem 52°E milli hemrasynyň aragatnaşyk hyzmatlarynyň çägi giňedi
02.08.2019 | Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar