Netanýahu Rafaha Hüjüm Meýilnamasyny Tassyklady

Netanýahu Rafaha Hüjüm Meýilnamasyny Tassyklady

Ysraýylyň hökümet ofisinden berilen ýazmaça beýannama görä Premýer-ministr Netanýahunyň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen 18-nji martda geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi barada maglumat berildi.

Netanýahu turuwbaşda Hamasyň ortadan aýrylmalydygy boýunça Baýden bilen ylalaşandyklaryny öňe sürüp; “Emma söweşiň dowamynda şol maksada ýetme2giň iň gowy ýoly meselesinde aramyzda düşnüşmezlikleriň bolandygy syr däl” diýdi.

Tuwubaşdan Baýdene Ysraýylyň goşunynyň Gaza Sektoruna girmän Hamasy ýeňmegiň mümkin däldigini aýdandygyny beýan eden Netanýahu, soňky söhbetdeşliginde-de Prezidente Hamasyň galan bölümlerini ýok etmek üçin Rafaha girmän ýeňişi tamamlamagyň mümkin däldigini aýdandygyny mälim etdi.

Netanýahu goşunyň Rafaha hüjüm meýilnamasyny tassyklandygyny ýatladyp; “Gysga möhletde asyda ilatyň söweşiň dowam edýän ýerlerinden ewakuasiýa edilmegi hakyndaky meýilnamany hem tassyklarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Hakan Fidan Kataryň Premýer-ministri we Daşary Işler Ministri Al Tani Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer
Gazadaky çaknyşyklarda 21 ysraýylly esger öldürildi
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi