Neýmar Dünýä çempionatynyň käbir oýunlaryny goýbermeli bolar

Neýmar Dünýä çempionatynyň käbir oýunlaryny goýbermeli bolar

"Pari Sen-Žermeniň" hüjümçisi Neýmar Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynda Wenesuela we Urugwaý bilen boljak oýunlaryny sypdyrmaly bolar. Bu barada "Globo Esporte" salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Braziliýaly hüjümçi 28-nji oktýabrda Çempionlar ligasynda Türkiýäniň "Stambul Başakşehir" toparyna ("PSŽ" 2-0 hasabynda ýeňdi) garşy duşuşykda şikes aldy. 28 ýaşly hüjümçiniň noýabr aýynyň ikinji ýarymynda oýnap biljekdigi habar berildi.

Penşenbe güni Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýerleşýän ýeri bolan San-Pauloda geçirilen lukmançylyk barlagy oýunçynyň Urugwaý bilen boljak oýna çenli but myşsasynyň şikesinden gutulyp bilmejekdigini görkezdi.Netijede, Neýmar nobatdaky oýna gatnaşjaklaryň sanawyna goşulmady.

Braziliýanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Wenesuelanyň (14-nji noýabr) we Urugwaýyň (18-nji noýabr) ýygyndylary bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Argentina bilen Ekwador, Urugwaý bilen Braziliýa çärýek finalda duşuşar
Argentina utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Wenesuela 7 Ýurtdan Diplomatlaryny Çekmegini Isledi
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Braziliýa 37 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Azerbaýjanda kyrkdan gowrak adam toýda zäherlendi