Nigeriýada harby dikuçar ýere gaçdy

Nigeriýada harby dikuçar ýere gaçdy

Nigeriýanyň Harby-howa güýçleriniň metbugat geňeşçisi Edward Gabkwet beren ýazmaça beýanatynda, Riwers welaýatynda nebit ogurlaryna garşy operasiýa geçirmek üçin asmana galan "MI-35P" kysymly harby dikuçaryň ýere gaçandygyny habar berdi.

Edward Gabkwet dikuçaryň içindäki 5 esgeriň ýeňil ýagdaýda ýaralanandygyny we bejergi astyna alynandygyny mälim etdi.

Dikuçaryň näme sebäpli ýere gaçandygyny entek anyklamandyklaryny aýdan Edward Gabkwet waka bilen bagly derňew işiniň başladylandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Nigeriýada terrorçylykly hüjüm guraldy
Nigeriýada ýaragly toparlara garşy operasiýa geçirildi
Nigeriýada terror guramasy Boko Harama garşy operasiýa geçirildi
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Putin, Edward Snoudene Rus Raýatlygyny Berdi
Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi