Nikolaý Skorigiň teatry: awangard ýörelgelerinde sahnalaşdyrylan nusgawy eserler

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýurdmumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde guran Russiýanyň “Skorigiň teatrynyň” çykyşlary şowly geçdi.Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň sahnasynda zehinli topar “Daça hezillikleri” we “Rus wodewili” oýunlaryny görkezdi. Ýaş toparyň döredijiligine belet paýtagtly teatr muşdaklary ekspetimental usulda oýun goýýan teatryň täze işlerine mynasyp baha berdiler. “Skorigiň teatry” 2015-nji ýylda Moskwa döwlet medeniýet institutynyň teatral-režissýorlyk fakultetiniň binýadynda döredildi.

Toparyň mugallymlarynyň arasynda Irina Miroşniçenko, Nikita Wysoskiý, Irina Apeksimowa, Sergeý Weksler, Alýona Howanskaýa, Tatýana Rozowa we beýlekiler bar.Teatryň Aşgabada gastroly Nikolaý Skorigiň goýan “Daça hezillikleri” oýny bilen başlandy.

Sahna bezeginden ýeke bannak bar, bu bolsa bezegiň aňryçäk az berilýändigini dessine aýan edýär.Gahrymanlaryň egin-eşikleri-de şeýle äheňde berlen eşikleriň aşaky bölegi gara, ýokarsy ak.Munuň özi, daça temasy beýan edilende garaşylmaýan üýtgeşik usul. Ýöne daçada bolýanlaryň bu mähellä mahsus “lybasly” adamlaryň özboluşly dünýäsidigini Skorik özüçe bellemekçi bolýar.

Nikolaý Skorigiň zenan gahrymanlary-da “bir galypdan çykan ýaly” olaryň ýaşy-da, kaddy-kamaty-da, ýönekeý timarlanan saçlary-da birmeňzeş, bir söz bilen aýdanyňda daçada—ýazlag öýünde bolýan zenanlar-da. - Nikolaý Lawrentýewiç, näme üçin gahrymanlaryň lybaslarynyň ýokarkysy ak, aşakysy gara? -Çehow döwrüni lybaslarda we sahna bezeginde bermegi öňümizde wezipe edip goýmandyk.

Tersine, gaýta biz “Daça hezilliklerini” döwrebaplaşdyrdyk.Gahrymanlaryň ak-gara eşiklerinde biz diňe ak we gara reňkler duşýan kitap sahypalaryna meňzetmäni göz öňünde tutdyk.Maksadymyz tomaşaçylarda Çehowyň eserleri ýöne agdarylyp geçilen çagy, onuň esasy pursatlaryna üns berilýän ýaly duýgy döretjek bolduk, aslynda-da biz Anton Pawlowiçi hut şonuň üçin gowy görýäris ahyry. - Onda siz maksadyňyza ýetipsiňiz.

Mende, dogrudanam, Çehowyň eserlerine göz gezdiren ýaly duýgy döredi, özem hekaýalary atsyz, diňe : “Men sizi söýýän, Nadýa!”, “Näme üçin öýlenmänimi soraýaňyzmy?”, “Içini ýakyp, ikilik edeýin-le” ýaly jümleler ýadymda galypdyr. - Üns beren bolsaňyz, ne gahrymanlaryň, ne-de keşpleri ýerine ýetirenleriň ady bardyr. Ýaş jübütleriň birnäçesi, ýene-de olar bilen ýaşytdaş üç adam oýnuň gahrymanlary, keşpleri döredýänlerem şolar.

Biz tomaşaçylaryň ünsüni tutuşlygyna Anton Pawlowiçiň inçe ýumoryna çekmek üçin şeýle tilsim ulandyk.Asly oýnumyzyň baş gahrymany Çehowd-a.Oýundan soň köplenç tomaşaçylar bizden ol ýada başga bir sahnanyň haýsy eserden alnandygyny soraýarlar, Çehowy täzeden okamakçy bolýarlar. Şeýle pursatlarda özümizi diňe bir täzelikçi däl, eýsem magaryfçy ýaly duýýarys. Ýeri gelende aýtsak, magaryfçylyk biziň işimiziň bir ugry. Ýadyňyzda bolsa, ozal ajaýyp adamlaryň durmuşy tapgyryndan kitaplar neşir edilerdi. -Bilýän, olar meniň gowy görýän kitaplarym. - Ana, biz şol tapgyrdan Dostoýewskiý, Wysoskiý barada oýun goýup, geçen ýyl olary Aşgabatda görkezipdik, Mihail Bulgakowyň eseri boýunça Molýer, Swetaýewa hakda oýunlary goýduk.

Bu gezek size Nekrasowyň eseri boýunça “Rus wodewilini” getirdik, ýöne bu barada oýny goýan režisýor Tatýana Rozowanyň özi gürrüň berse gowy bolardy. -Hawa, ol, köpleriň pikir edişi ýaly, şahyryň familýadaşy däl-de, tanymal şahyr Nikolaý Alekseýewiç Nekrasowyň hut özi, ol döredijiligine wodewil ýazmakdan başlapdyr, - diýip Tatýana Rozowa gürrüňe goşulýar.

Tomaşaçylaryň köpüsi üçin Nekrasowyň wodewil ýazanlygy täzelik bolsa, meniň üçin rus wodewili žanr hökmünde açyş boldy.Men rus wodewiliniň söýgüdir ugurtapyjylygyň we ýagşylygyň ýaramaz duýgylardan üstün çykýan ruhy giňişlige girişdigine düşündim. Ýeri gelende aýtsak, biz “Rus wodewilini’ bary-ýogy üçünji gezek görkezýäris.

Ol entek sahna doly uýgunlaşmadyk, üstesine-de myhmançylykda görkezilýän oýun.Ol “Artist” we “Buonarotti sahnasy” ýaly iki eserden ybarat. Žanryň talabyna görä, olar gülküli, tansly, sawçylyk pursatlary kimin gülkünç ýaly elementlerden ybarat. ХIХ asyryň lybaslaryny ulanmak pikrimize garşy çykanam boldy, çünki ol teatryň awangardlyk ýörelgesine ters gelýärdi. Ýöne biz diýenimizi tutup, dogram etdikmikäk diýýärin.

Biz gahrymanlary kaftanly, öý halatly, gaşly papakly we ş.m.eşikli hakyky rus wodewilini görkezmegi maksat edindik. Ýöne biz sahna diňe oturgyçlary çykaryp, sahna bezeginde gysbylyk ýörelgesinden dänmedik.

Aşgabatly tomaşaçylar oýunlaryň ikisinem gowy kabul etdiler, şonuň üçin olara ullakan sag bolsun aýdýarys.Biz siziň owadan paýtagryňyza, myhmansöýer halkyňyza aşyk bolduk, Türkmenistana saparymyz uzak wagt ýatdan çykmasa gerek.

Ýene degişli makalalar

Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Kakajan Aşyrow sahnada Çehowyň wodewilini goýdy
Puşkin adyndaky teatrda nusgawy eseriň premýerasy boldy