Nissan diňe elektroulag satar

Koreýanyň Nissan Motor Co.kompaniýasy 2030-njy ýyldan başlap Ýewropa ýurtlarynda diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulag satar.Kompaniýanyň ýolbaşçysy Uçida Makoto elektroulaglara bolan islegiň netijeli çözgütdigini hem-de mundan yza dolanylmajakdygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, kompaniýa bir milliondan gowrak elektroulag satypdyr.Merkezi edarasy Ýokohama şäherinde ýerleşýän Nissan 2030-njy ýyldan başlap Ýewropada diňe dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýa mundan ozal 2030-njy ýyla çenli global önümçiliginiň 19 göteriminiň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar boljakdygyny mälim edipdi. Şeýle hem şol ýyla çenli 27 sany täze elektroulag brendini taýýar etmegi meýilleşdirýändigini habar beripdi.

Gurbangeldi Ataşow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Honda we Nissan goşulyşmakçy bolýarlar
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Pariž awtoulag sergisi başlady
Toyota Corolla 2022-nji ýylyň iň geçginli awtoulagy boldy
Täze Nissan Juke 2023 tanyşdyryldy
Mersedes-Benz Rus Bazaryndan Çekilýär