Täze Nissan Juke 2023 tanyşdyryldy

Täze Nissan Juke 2023 tanyşdyryldy

Nissan kompaniýasy özüniň meşhur ykjam Juke krossowerini Awstraliýanyň bazary üçin täzeledi. 2023-nji model ýylynyň Nissan Juke 2023 krossoweri täzeden işlenen dizaýna we gowulandyrylan aerodinamikaly täze tehnologik çözgütlere eýe boldy.

Nissan Juke 2023 birnäçe komplektasiýalarda teklip ediler: ST, ST+, ST-L+, Ti we Ti Energy Orange.Olar özünden öňkülerden täzelenen şildikleri we iki sany açyk reňkli — keramiki çal we magnit-gök görnüşleri bilen tapawutlanýarlar.

Nissan Juke ST we ST+ modelleri 17 dýumlyk birsydyrgyn ýeňil diskler bilen üpjün edilen, ST-L we ST-L+ bolsa içiniň gara elementleri we ak çyzykly deriden oturgyçlary bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem ST-L, ST-L+ we Ti modelleri täze ýük tekjesine eýe boldular, bu bolsa ýük goýulýan bölümi aňrybaş netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Bulardan hem başga, Juke ST-L, ST-L+ we Ti toplumlarynda kontaktsyz blokirowka edýän/blokirowkany aýyrýan intellektual açar we Bose-yň premium-klas görnüşli stereoulgam bar.Awtoulag kuwwaty 114 at güýjüne deň bolan turboüfleýjili 1-litrlik üç silindrli hereketlendiriji, iki ssepleniýaly ýedi basgançakly robotlaşdyrylan peredaça korobkasy bilen üpjünlenen.

Garyşyk siklda 100 km-e 5,8 l ýangyç sarp edýär.Awstraliýada 2023-nji model ýylynyň Nissan Juke-niň bahasy 28 390 awstraliýa dollaryndan ýa-da ABŞ-yň 18 000 dollaryndan başlanýar.

Ýene degişli makalalar

Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Pariž awtoulag sergisi başlady
Toyota Corolla 2022-nji ýylyň iň geçginli awtoulagy boldy
Mersedes-Benz Rus Bazaryndan Çekilýär
Has köp girdejä garaşýar
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy