Has köp girdejä garaşýar

“Nissan Motor” kompaniýasy geljek ýylyň mart aýynda tamamlanjak 2022-nji maliýe ýylynda has köp peýda garaşýandygyny mälim etdi. Ýapon kompaniýasy aprel-sentýabr aýlaryndaky arassa peýdasy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 61,8 göterim pese gaçyp, 64,4 milliard ýene (440 million dollar) ýetipdir. Şeýle-de bolsa, satuw girdejisi 18,1 artyp, 4,6 trillion ýene (31,4 milliard dollar) ýetipdir.

Merkezi edarasy Ýokohama şäherinde ýerleşýän kompaniýa üstümizdäki maliýe ýylynyň arassa peýdasyny 155 milliard ýene (1,06 milliard dollar) çykardy. Global ulag satuwynyň bolsa, 3,7 million bolmagyna garaşylýar. Satuwdan alynýan girdejiniň 10,9 trillion ýen (74,6 milliard dollar) bolmagyna garaşylýar.

Bagtyýar Ylýasow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Nissan diňe elektroulag satar
Honda we Nissan goşulyşmakçy bolýarlar
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Pariž awtoulag sergisi başlady
Toyota Corolla 2022-nji ýylyň iň geçginli awtoulagy boldy
Täze Nissan Juke 2023 tanyşdyryldy
Mersedes-Benz Rus Bazaryndan Çekilýär