Nissan NASA üçin Aý ulagynyň işlenip taýýarlanyşyna ýardam berer

Nissan NASA üçin Aý ulagynyň işlenip taýýarlanyşyna ýardam berer

Nissan Sierra Space we Teledyne Brown Engineering kompaniýalary bilen bilelikde geljekde NASA kosmiki agentliginiň wezipeleri üçin gerek boljak LTV Aý awtoulagyny (Lunar Terrain Vehicle) döretmegiň üstünde işlär. Carscoops-yň habar bermegine görä, Nissanyň demirgazyk amerika bölümçesi öz önümçilik kuwwatlyklaryny, şeýle hem dolandyrmagyň özbaşdak ulgamlary pudagynda we öz-özi dolandyrylýan gonuş moduly üçin akylly kömekçiler babatynda gazananlaryny paýlaşar.

Taslama Nissana, tejribe alyşmak arkaly, kosmos pudagyndaky tehnologiýalary paýlaşmaga mümkinçilik berer diýip, Nissanyň Kaliforniýadaky Alliance Innovation Laboratory barlaghanasynyň direktory Maarten Serhuis aýdýar. Täze şertler awtonom ulgamyň, uzak aralykdan dolandyrmagyň, şeýle hem energiýany we adam-enjam interfeýsyny dolandyryş ulgamlarynyň mümkinçiliklerini has içgin öwrenmäge mümkinçilik berer. Aýda alnan bu ähli bilimleri soňra adaty awtoulaglarda ulanyp bolar.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Ýüpek ýoly rallisiniň ýeňijileri Türkmenistana gaýdyp geldiler
Ildeşlerimiziň ralli ýaryşyndaky üstünligi
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Ýüpek ýoly rallisiniň bäşinji tapgyrynda Merdan Toýlyýewiň ekipažy pellehana ilkinji geldi