"NOKIA" Türkmenistanyň energetika pudagy üçin tehnologik çözgütleri hödürleýär

"NOKIA" Türkmenistanyň energetika pudagy üçin tehnologik çözgütleri hödürleýär

12-nji noýabrda Aşgabatda açylan "Türkmentel 2025" atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş 2025" atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde "NOKIA" kompaniýasynyň Hazar sebiti we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Balyçew "Altyn asyr" elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi hem-de ýurdumyzyň energetika pudagy üçin teklipleri beýan etdi.

"Aşgabatda geçirilýän halkara sergi we maslahat Türkmenistan üçin hem, biziň kompaniýamyz üçin hem zerur bolan möhüm çärelerdir. Türkmenistanda biz "Altyn asyr" döwlet kompaniýasy bilen 20 ýyllyk dowamly hyzmatdaşlykda işleýäris. Şonuň üçin-de, ulgamyň uly böleginiň "NOKIA" enjamlary esasynda gurulmagy biziň üçin hakykatdan-da ileri tutulýan ugur bolup durýar" diýip, kompaniýanyň wekili baha berdi.

Ý. Balyçewiň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry "NOKIA" kompaniýasynyň önümleri bar bolan Türkmenistanyň sebitlerinde ulgamy döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmakdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerini 5G (bäşinji nesil) bilen has giňden gurşap almak we bu hyzmatlary ýurduň ýaşaýjylaryna ýetirmek üçin taýýarlyk görülýär.

Şunuň bilen birlikde, bilermen "bäşinji nesil" standartlarynyň ulanylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine oňyn täsir etjekdigine ünsi çekdi.

"Energetika pudagyna öz düzümleýin kärhanalarynyň operasion işinde durnuklylyk zerur. Şoňa laýyklykda, bu ugurda daglyk ýerleri we dürli gazyp alýan kärhanalaryň uzakdaky ýerlerde ýerleşýändigini nazara almak bilen, bökdençsiz aragatnaşyk örän möhüm bölek bolup durýar.

Biziň kompaniýamyzyň güýji bilen desgalara wideogözegçilik etmek, şeýle hem dürli logistik we nawigasiýa hyzmatlary üçin tehniki goldaw bermek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmek mümkindir" diýip, "NOKIA" kompaniýasynyň sebit bölüminiň ýolbaşçysy teklip etdi.

Söziniň ahyrynda Ý. Balyçew häzirki döwürde tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny we düýbünden başga derejä geçilmegiň hökmanydygyny aýtdy. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň sanly bazarynyň täzelenmelere doly taýýardygyna aýratyn üns çekildi.

"Biz "Altyn asyr" bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak, döwlet edaralaryna, uglewodorod serişdelerini gazyp alýan kompaniýalara we logistik merkezlere hyzmatlarymyzy hödürlemek üçin häzir iň amatly pursat hasaplaýarys. Biz netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyrys" diýip, söhbetdeşimiz sözüni jemledi.

Çeşme: "Altyn asyr" elektron gazeti

Ýene degişli makalalar

"Türkmen-Innowasiýa" biometriýaly täze töleg terminallaryny hödürledi
Lebapda we Daşoguzda Internet üpjünçiligi ýene ýaramazlaşdy, Starlink’ ulanýanlar peýda bolýar
Balkanda Internet haýallaýar, işleýän VPN azalýar
Raýatlar durnuksyz Internet üpjünçiliginden şikaýat edýär
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Aşgabatda “Türkmentel-2025” halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler