"Türkmen-Innowasiýa" biometriýaly täze töleg terminallaryny hödürledi

"Türkmen-Innowasiýa" biometriýaly täze töleg terminallaryny hödürledi

"Türkmentel 2025" atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň meýdançasynda "Türkmen-Innowasiýa" hususy kärhanasy häzirki zaman töleg we kassa enjamlarynyň hataryny hödürledi.

2008-nji ýylda esaslandyrylan "Türkmen-Innowasiýa" kompaniýasy programma üpjünçiligini işläp düzmekde we bank, döwlet hem-de hususy pudaklar üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýöriteleşýär. Kärhana "NBA Tehnologi International", "Verifone", "PAX" we "GRG" ýaly halkara ägirtleriň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

Kompaniýanyň sergide görkezilen önümleriniň arasynda töleg enjamlarynyň täze nusgalary we ýüzüň biometrik şahsyýetini tassyklamak mümkinçiligi bolan terminallar aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy töleg amallaryny dünýä standartlaryna laýyk gelýän iň amatly we tehnologik taýdan kämilleşdirmäge, şeýle hem amallaryň howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Kompaniýanyň wekili Mihail Kudrýaşowyň belleýşi ýaly, "Türkmen-Innowasiýa" kompaniýasy işlän ýyllarynda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetine eýýäm täsir eden birnäçe üstünlikli taslamalary durmuşa geçirdi.

Hususan-da, kompaniýa raýatlara aragatnaşyk hyzmatlaryny, interneti, jemagat hyzmatlaryny, Ýol gözegçilik gullugynyň (ÝGG) jerimelerini we beýleki borçlary dessine tölemäge mümkinçilik berýän milli pursatlyk tölegler ulgamyny ornaşdyrdy. "Türkmen-Innowasiýa" kompaniýasynyň Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda edaralary bolup, ýurdumyzda enjamlaryň tehniki hyzmat edilişini we üpjün edilişini amala aşyrýar.

"Biz mundan beýläk hem jemgyýetiň ösüşine işjeň goldaw bereris, biziň ajaýyp ýurdumyz Türkmenistanyň bähbidi üçin innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga işjeň gatnaşarys" diýip, Mihail Kudrýaşow nygtady.

Çeşme: "Altyn asyr" elektron gazeti

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi
Türkmen nakgaşlary Aziada bagyşlanan döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlan sergi guraldy
Ýubilýarlaryň dörtlügi: dünýä özboluşly dört garaýyş
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy