Norwegiýanyň uniwersitetlerinde daşary ýurtly dalaşgärleriň sany artýar

Norwegiýanyň uniwersitetlerinde daşary ýurtly dalaşgärleriň sany artýar

Koronawirus pandemiýasyna garamazdan, Norwegiýanyň ýokary okuw mekdepleri 2021-nji ýylda daşary ýurtly talyplardan has köp arza kabul edýärler diýip, www.unipage.net habar berýär.

Ýagny, Oslo Metropolitan University-de daşary ýurtly talyplardan gelýän arzalaryň sany 184% artdy.Beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem uly görkezijileri getirýärler.Günorta-Gündogar Norwegiýa uniwersitetinde daşary ýurtly dalaşgärleriň sany 60%, Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlarynyň uniwersitetinde (NTNU) 38%, Stawanger uniwersitetinde 7,6% artdy.

Dalaşgärleriň köpüsi iňlis dilindäki programmalara gyzyklanma bildirýär.Iň meşhur ugurlar bolsa maglumat ylymlary, töwekgelçilik analizi, MBA, energetika we daşky gurşawdyr.Norwegiýanyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň sany köp, şeýle-de bolsa ol ýere hemmeler girip bilmeýär.

Olarda ortaça kabul ediş derejesi 20%-dir, Stawanger uniwersitetinde bolsa bu görkeziji bary-ýogy 8%.Mundan başga-da, Norwegiýa örän gymmat ýurt. Ýewropadaky ýaşaýyş bahasynyň indeksi boýunça ol diňe Şweýsariýadan yza galýar.

COVID-19 pandemiýasy hem goşmaça çäklendirmelere getirýär.Bu sebäpli talyplaryň öz ýurtlarynda uzak aralykdan okamak ähtimallygy bar.Belläp geçsek, Norwegiýanyň döwlet uniwersitetleri okuw diline we alýan derejesine garamazdan, ýerli we daşary ýurtly talyplardan okuw üçin töleg almaýar.

Norwegiýa Ýewropanyň şeýle bilim syýasatyny alyp barýan soňky ýurtlarynyň (Germaniýa we bölekleýin Awstriýa bilen bilelikde) biri bolmagynda galýar.

Ýene degişli makalalar

SESSION ENTITLED CONTRIBUTION OF STATES AND INTERNATIONAL ORGANIZATIONS TO GLOBAL PEACE BUILDING PROCESSES WAS HELD IN THE INTERNATIONAL UNIVERSITY FOR THE HUMANITIES AND DEVELOPMENT OF TURKMENISTAN
HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN
FREE TRADE AND THE ROLE OF INTERNATIONAL ORGANIZATIONS IN PROMOTING COOPERATION FOR SUSTAINABLE DEVELOPMENT - IN THE FOCUS OF THE PLENARY SESSION
Öňdebaryjy okuw mekdepleriniň sanawy düzüldi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýaşlarynyň 2021-nji ýylda Türkiýäniň 43 ýokary okuw mekdebine okuwa girip biljekdigini tassyklady
Öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri