Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Nowruz geldi güle besläp dünýäni ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni täze umytlaryň, parahatçylygyň we dostlugyň baýramy hökmünde bellenilýändigi, “Nowruz” sözi “täze gün” diýmegi aňladyp, ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň, bagtyň, berekediň gözbaşy bolup, halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhynda gadymy döwürlerden bäri giňden bellenilip gelinýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň köpüsinde hem giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biridigi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
