Şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan güni bellenildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Gurbannazar Ezizowyň şygryýetiniň muşdaklary ýygnandylar.Talyp ýaşlar bilen duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgäri, öň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň mugallymy Baýram Goçmyradow çagyryldy.

Duşuşyk mynasybetli konserwatoriýanyň talyplary wokalçy Sahy Allaýarow we pianinoçy Jemşit Akyýew konsert taýýarladylar. Çärede Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna kompozitor Daňatar Hydyrowyň döreden aýdymlary, şol sanda Uzak ýaýladaky enäniň hüwdüsi hem-de Özgelere diňletdim ýaly eserler ýaňlandy.

Duşuşyga meşhur şahyryň döredijiliginiň uly janköýeri kompozitor Daňatar Hydyrow hem gatnaşdy.Baýram Goçmyradow diňleýjiler üçin söýgüli şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi.Ol öz çykyşynyň dowamynda şahyryň iň gowy görülýän Serpaý, Ene, Gyzlaryma, Watan ýaly goşgularyny labyzly okap berdi.

B.Goçmyradow şol goşgularyň döreýiş taryhyny şahyryň durmuşyndaky möhüm wakalar bilen baglanyşdyrdy.Myhmanyň çykyşyndan soňra, özara dostlukly söhbetdeşlik guraldy.Talyplar myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler we olara doly jogap aldylar.

Duşuşyk oňa gatnaşyjylaryň ählisinde ýatdan çykmajak ajaýyp täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda