Noýabr Aýynda 354,9 Million Dollarlyk Ter Gök we Miwe Önümi Eksport Edildi

Noýabr Aýynda 354,9 Million Dollarlyk Ter Gök we Miwe Önümi Eksport Edildi

Ortaýer deňizi ter gök we miwe önümleri eksportçylary bileleşiginiň başlygy Ferhat Gürüz, beren ýazmaça beýannamasynda, pudagyň noýabr aýynda eden eksporty hakynda maglumat berdi.

Türkiýäniň noýabr aýynda ter gök we miwe önümleriniň eksportundan 354, 9 million dollarlyk girdeji gazanandygyny aýdan Gürüz, “Üstümizdäki ýylyň 11-nji aýynda 565 müň 406 tonna ter gök we miwe önümi eksport edildi. Noýabr aýynda 109,3 million dollarlyk mandarin, 38 million dollarlyk limon we 28,9 million dollarlyk üzüm eksport etdik” diýdi.

Eksport sanawynda Russiýanyň, Ukrainanyň we Ruminiýanyň esasy orun eýeleýändigine ünsi çeken Gürüz, “Russiýa 168,3 million dollarlyk, Ukraina 23,6 million dollarlyk, Ruminiýa bolsa 16,5 million dollarlyk ter gök we miwe önümini eksport etdik” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar Aýynda Eksport 19 Milliard 991 Million Dollara Barabar Boldy
Aprel Aýynda Eksport 0,1 Göterim Artyp 19 Milliard 272 Million Dollara Barabar Boldy
Haly Eksporty 2 Milliard 752 Million 647 Müň Dollara Barabar Boldy
Çaý Eksportundan 25 Million 388 Müň 621 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Türkiýäniň Bal Eksporty 5,1 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýäniň Eksporty 255 Milliard 777 Million Dollara Barabar Boldy
Rizeden 10 Million 248 Müň 886 Dollarlyk Çaý Eksport Edildi