Nurul-Jihad kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça duşuşyk geçirildi

Nurul-Jihad kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça duşuşyk geçirildi

10-njy martda Owganystandaky iň uly elektrik kompaniýasy bolan Da Afghanistan Breshna Sherkat-nyň (DABS) wekilleriniň we Türkmenistan Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan halkara elektrik energiýasy taslamalary bölüminiň başlygy Myrat Artykowyň we Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

DABS-yň habaryna görä, duşuşyk Nurul-Jihad kiçi bekedini we elektrik geçiriji liniýalaryny ösdürmek taslamalaryna bagyşlandy. Duşuşykda zerur enjamlaryň geçirilmegi, galan taslama işleriniň tamamlanmagy ýaly işler maslahatlaşyldy we maglumat berildi diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar.

Hyratdaky Nurul-Jihad kiçi bekediniň döwrebaplaşdyrylmagy, Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importynyň köpelmegi bilen bir hatarda Owganystanyň demirgazyk-günbatar zolagynda elektrik ýetmezçiligini ep-esli azaldar diýlip garaşylýar. Elektrik ýetmezçiligi meselesini çözmek içerki önümçiligiň, ykdysady ösüşiň, oba hojalygynyň ösmegine we sebitdäki işleriň işjeňligine oňyn täsir eder diýlip, nCa tarapyndan berlen habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Owganystan bilen Türkmenistan Nurul-Jihad kiçi bekedini döwrebaplaşdyrmak taslamasy boýunça bilelikde tehniki ýygnak geçirýär
Owganystan we Türkmenistan Nur ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşdy
Türkmenistan, Owganystan, Pakistan TOP taslamasynyň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça duşuşyk geçirerler
Owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmegi teklip etdi
DABS kompaniýasy TAP we CASA-1000 taslamalary boýunça işe başlamagy meýilleşdirýär
Kabulda TOP taslamasy boýunça üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi