Ynanar ýaly däl, ähli zat mugt bolan bazar, hakykatdanam, bar. Ýylda bir gezek Fransiýanyň deňiz ýaka Granwill şäherinde şeýle bazar guralýar diýip, 24KZ ýazýar.
Bu ýerde pul tölegi gadagan edilendir. Satyn alan harydyň üçin diňe ýylgyryş bilen töläýmeli, bu barada bazaryň girelgesinde ýazylypdyr.
Granwiliň ýaşaýjylary we golaýdaky obalardan adamlar bu ýere gelip, hojalygynda gerek däl diýip, hasaplan zatlaryny goýýarlar, öwezine özleri üçin zerur zatlary edinýärler.
Stefani, bazara gelen zenan: - Men Granwillde ýaşaýaryn, her ýyl bu bazar açylanda, gelýärin. Öýümden artyk hasaplan zatlarymy getirýärin, özüme-de gerekli zatlary alýaryn. Bu ýerde birek-birege mähribanlyk höküm sürýär.
On ýyl bäri guralýan bazar adamlary barha özüne çekýär. Uly söwda merkezlerindäki ýaly, bärde ähli zatlar aýratyn, tertipli goýlupdyr. Iň köp islegli harytlar egin-eşikler we kitaplar. Gap-gaç, hojalyk harytlary, oýnawaçlar, hatda nahallar hem bar. Ählisiniň nyrhy — birje ýylgyryş!
Granwill şäheriniň ýerli alyş-beriş ulgamy assosiasiýasynyň prezidenti Loran Mortrýe şeýle gürrüň berýär: - Geçmişiň hatalaryny gaýtalamak nämä gerek. Ýagny satyn alyp, zibile atmak ýalňyş ahbetin. Biz gaýtam ähli zady gaýtadan ulanmalydyrys. Çakdanaşa sarp etmegi bes etmek gerek. Planeta tapdan gaçdy, biziň daş-töweregimizdäki zatlaryň ählisi onuň gorlarynyň hasabyna döredilen, olar bolsa gitdigiçe azalýar.