Nýu-Ýorkuň baş täze ýyl arçasy Manhettene eltildi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň baş arçasy 12-nji noýabrda Manhettene getirildi.Boýy 25 metr, ýaşy 85-90 ýyl bolan arça agajy Kuinsberri şäherinden (Nýu-Ýorkuň Worren etraby) ýük awtoulagy bilen getirildi.

Roždestwo we Täze ýyl arçasy 50 müňden gowrak yşyklandyryjy bilen bezelip, arçanyň ýokarky bölegini diametri üç metre golaý we agramy 250 kilograma barabar Swarowski ýyldyzy bilen bezeler.Nýu-Ýorkuň esasy Roždestwo agajynyň çyralary 30-njy noýabrda ýakylar.

Nýu-Ýorkdaky Rokfeller merkeziniň golaýynda Täze ýyl agajyny oturtmak däbi 1931-nji ýylda başlandy. Agajyň gözleg işleri bütin ýylyň dowamynda Konnektikut, Wermont, Ogaýo, Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynda tokaýlaryny gözden geçirýän dikuçar arkaly amala aşyrylýar. Agaja bildirilýän esasy talap bolsa, onuň beýikliginiň 20 metr, ininiň bolsa 10,5 metr bolmagydyr.

Ýene degişli makalalar

80 müň çüýşeden guralan Täze ýyl arçasy
Liwanda 80 müň çüýşeden Täze ýyl arçasyny ýasadylar
Awstraliýalylar Roždestwo baýramyna 66 milliard dollar sarp etmekçi
Nýu-Ýorkda we Berlinde Aýazbabalaryň ylgaw ýaryşy geçirildi
Ýewropanyň meşhur Täze ýyl bazarlary
Germaniýada Santa-Klauslaryň ylgaw ýaryşy geçdi