Ömruzak Omarkulyýewiň 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen student aktiwistiň kakasy aradan çykdy

Maýyň ortasynda Ömruzak Omarkulyýewiň kakasy Şirinbaý aradan çykdy.Geljek hepde garyndaşlary onuň kyrkyny bererler.

Ömruzak Omarkulyýew Türkiýede okaýan we ildeş studentleriň raýdaşlyk jemgyýetini döreden türkmen studentidir. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary fewralda Omarkulyýewi parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

TurkmenYurtTV saýty 2018-nji ýylyň martynda migrasiýa gullugynyň hiç bir sebäbini düşündirmezden studenti Türkmenistandan Türkiýä goýbermändigini habar berdi.

Omarkulyýew “Azatlyk” radiosy bilen söhbetdeş bolup, ýurtdan çykmak üçin eden netijesiz synanyşyklary barada gürrüň berdi. Şondan soň aktiwist ýitirim boldy.

“Azatlyk” radiosy bir hepde mundan öň öz çeşmelerine salgylanyp, Omarkulyýewiň 20 ýyl tussaglyga höküm edilendigini habar berdi. Bu maglumaty “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri hem tassykladylar. Omarkulyýew berk düzgünli “Owadandepe” türmesinde saklanýar. Sud ýapyk ýagdaýda geçirildi.

TH-nyň habarçylarynyň bellemegine görä, Omarkulyýewiň ýakynlarynyň we goňşularynyň köpüsi, ýörite gulluklaryň gözüne ilmekden çekinip, Ömruzagyň “syýasy madda esasynda ýazgarylandygyna” gözleri ýetip, ýas ýerine görünmändirler.

Ömruzak Omarkulyýewiň kakasy Şirinbaý Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabyndaky (ozalky Çärjew oblastynyň Dänew şäherçesi) gonamçylykda jaýlandy.

Şirinbaýyň maýyň ahyrynda 50 ýaşy dolmalydy.

Ýene degişli makalalar

Hajyýew merhum žurnalisti 'arakhorlykda', zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýyplady
Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi
Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
Wezipäňi palta etme! (okyjylaryň döredijiliginden)
Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanýan Ömrüzak Umarkulyýewiň şübheli wideosy peýda boldy
Türkiýede talyplar jemgyýetini döreden student Türkmenistanda tussaglykda saklanýar