Öňdebaryjylaryň üstünligi

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 23-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. 1-nji basgançakda barýan “Altyn asyr” öz meýdançasynda “Energetik” toparyndan 30 üstün çykdy.Birinji ýarymda hasaba alnan gollary 2-nji minutda Resul Hojaýew, 21-nji minutda Döwlet Mirsultanow (öz derwezesine) hem-de 45-nji minutda Mihail Titow derwezä gönükdirdi. 2-nji orundaky “Şagadam” myhmançylykda “Aşgabat” bilen duşuşdy.

Myhmanlar 62-nji minutda Baýramgeldi Nurlyýewiň penalti goly bilen öňe saýlandy. Ýöne ýer eýeleriniň jogaby gijikmedi. 71-nji minutda “Aşgabat” topary hem Güýçmyrat Annagulyýewiň penalti goly bilen hasaby deňledi.

Birmeňzeş hasapda tamamlanan beýleki 2 duşuşykda “Ahal” myhmançylykda “Nebitçini”, “Köpetdag” öz meýdançasynda “Merwi” 20 ýeňdi. “Ahala” ýeňiş getiren gollary Guwanç Abylow (26) bilen Hoşgeldi Hojowow (35), “Köpetdaga” ýeňiş getiren gollary bolsa, Baýramhan Kadyrow (22) bilen Roman Galkin (68) derwezä girizdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylan futbolçylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy-2023-iň saýlama tapgyrynda çykyş etjek düzümi mälim boldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy - 2021-iň ýarym finalçylaty belli boldy