ÖNÜMÇILIK IŞ TEJRIBELERI KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Çagalar okaýyşyny guramak” hünäriniň talyplary hünär tejribeliligini geçdiler.Kitaphana hünärmeni talyp ýaşlara kitaphananyň sorag-jogap bibliografiki serişdesi bolan pudaklaýyn katalog we ondan okyjylara peýdalanmaklygyň düzgünleri hakynda maglumatlary berdi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hazynasyna gelip gowuşýan her bir kitaba degişli katalogyň ýazylyşy we pudaga bölüniş aýratynlygy boýunça ýerbe-ýer goýulyş usullary barada berilen gürrüňleri gyzyklanma bilen diňlediler.

Kitaphana we kitap işini döwrebap kämilleşdirmeklikde Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
Kitaphana syny
KITAPHANA SYÝAHAT
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda
KITAPHANALAR PÄHIM-PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR
KITAPHANAÇYLAR BILEN GEÇIRILEN MASLAHAT