ÖSÜŞLI ZAMANANYŇ NURY AŞGABAT

ÖSÜŞLI ZAMANANYŇ NURY AŞGABAT

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag seýilgähinde Ösüşli zamananyň nury Aşgabat atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pajarlap ösüp, tanalmaz derejä ýetip, göwnüňi galkyndyrýan Aşgabat şäheriniň bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň sebit merkezi, bagtyýar durmuşyň döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna öwrülendigini, şeýlede gözel paýtagtymyz Aşgabat ylym-bilimiň halkara hyzmatdaşlyklaryň merkezi, sagdyn ýaşaýşyň mekany hökmünde tanalyp dünýäniň ösen döwletleriniň ünsüni özüne çekýändigini bellediler.

Söhbetdeşlikde Gündogar edebiýatynyň synmajak sütüni Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet islärin diýen jümlesi bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolandygyny barada uly buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

GELJEGE UZAÝAN NURANA ÝOLLAR
Şekillere siňen bedewler
DAŞOGUZ WELAÝATYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
GÜNDOGAR WE GÜNBATAR MEDENI ADATLARYNYŇ TARYHY-GENETIKI ARABAGLANYŞYGY
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Altyn asyr we Şagadam toparlary öňdeligi eýelediler
Sungat äleminiň bahary atly sergi açyldy
Balkan welaýatynda ussat suratkeş Amangeldi Hydyrowyň şahsy döredijilik sergisi guraldy