Arhiw fotosuraty
Özbegistan öz elektrik geçiriji ulgamlaryny tranzit arkaly Türkmenistandan goňşy ýurtlara elektrik geçirmek üçin taýýarlamak işini tamamlady.
Türkmenistan beýleki ýurtlara elektrik energiýsyny ibermek üçin şertnama baglaşan badyna Özbegistan bu ulgamlary işe girizer we tranzit işini amala aşyrar diýip, “Sputnik-Özbegistan” neşiri “Özbekenergonyň” strataegiki ösüş uprawleniýesiniň başlygy Eso Sadullaýewe salgylanyp habar berdi.
Ýatladýarys, biraz öň türkmen elektrik energiýasyny satyn almaga Gyrgyzystan we Gazagystan gyzyklanma bildiripdi, şu ýylyň maýynda Türkmenistan bilen Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny tranzit arkaly geçirmek barada jarnama gol çekipdi.
