Türkmenistan Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan (TÖTOP) ugry boýunça elektrik energiýasyny eksport etmegi niýet edinýär diýip, “Neýtralnyý Turkmğnistan” gazeti 18-nji noýabrda habar berdi.
Bu Owganystanyň elektrik alyjy ýurtdan tranzit ediji (üstaşyr geçiriji) ýurda öwrülendigini görkezýär diýip, neşir belleýär.
4-nji noýabrda Özbegistanyň öz elektrik ulgamlaryny Türkmenistandan iberiljek elektrik energiýasyny geçirmäge taýýarlanýandygy mälim boldy.”Türkmenistan beýleki ýurtlara elektrik ibermek barada şertnama baglaşan badyna Özbegistan bu ulgamlary tranzit üçin herekete girizmäge taýýar” diýip, “Uzbekenergonyň” strategik ösüş dolandyryşynyň başlygy Eso Sadullaýewa aýtdy.
Emma, bu proýektiň amala aşyrylmagyny Owganystandaky ýagdaýlar çylşyrymlaşdyryp biler. Mysal üçin, 2016-njy ýylyň fewralynda talyplar türkmen serhedindäki elektrik geçirijini partlatmaga synanyşdylar.
