Özbegistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Özbegistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, goňşy döwletiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Özbegistanyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşler iki doganlyk döwletiň Baştutanlarynyň arasynda emele gelen ynamyň hem-de özara düşünişmegiň derejesine ýokary baha berip, yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň hemişe hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berýändigini nygtadylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin ýakynda Daşkent şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigi, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňyn ösüş depginini görkezýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle-de ýangyç-energetika, ulag-logistika we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň işjeň giňeldilýändigi, iki ýurduň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, taraplaryň geljekde hem ylym-bilim alyşmalaryny, konsertleri, sergileri we iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän beýleki medeni çäreleriň geçirilmegini dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň Awazada dynç alşyny üpjün eder we beýleki habarlar
Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Sammiti geçiriler
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Özbegistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi