Özbegistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna Sapary

Özbegistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepeleşigimiziň nobatdaky sanynda Özbegistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

Eziz ildeşler! Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Şa Salman bin Abdulaziziň çakylygyna laýyklykda üstümizdäki aýyň 17-18-i aralygynda Saud Arabystana döwlet saparyny gurady. Mirziýoýew 17-nji awgustda Medinä sapara bardy.

Şol bün Prezidenti Mirziýoýew Jidde şäherine gitdi. Mirasdüşer şazada Muhammed bin Salman Prezidenti Mirziýoýewi resmi dabara bilen garşylady. Soň özara duşuşyk geçirdildi. Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda energetika, gümrük, awiasiýa, oba hojalygy, saglygy goraýyş pudaklary boýunça 15 ylalaşyga gol çekişildi. Özbegistan we Saud Arabystanynyň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda bilelikdäki jarnama gol goýuldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew 18-nji awgustda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hüseýin Ybraýym Talha bilen duşuşdy. Duşuşykda guramanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy, Owganystandaky soňky ýagdaýlar hakynda pikir alyşyldy. Mälim bolşy ýaly Yslam hyzmatdaşlyk guramasy Hywa şäherini “2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edipdi.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew Yslam galkynyş bankynyň Guwarnýorlar geňeşiniň başlygy Muhammed bin Süleýman al-Jassar bilen hem duşuşdy. Yslam galkynyş bankynyň maliýeşdirmeginde jemi 1,2 milliard dollarlyk taslamalar Özbegistanda iş ýüzüne geçirilýär.

Şawkat Mirziýoýew Jidde şaherinde Saud Arabystanynyň belli işewürleri bilen hem duşuşdy. Duşuşyga Saud Arabystanynyň Maýa goýumlar ministri Halid al-Falih hem gatnaşdy. Maslahatda özara ykdysady gatnaşyklar we Özbegistanyň maýa goýum mümkinilikleri tanyşdyryldy. Mirziýoýewiň saparynyň öň ýanynda geçirilen Özbegistan-Saud Arabystany İşewürler maslahatynda jemi 14 milliard dollarlyk taslamalara gol çekişilipdi.

Özbegistanyň Prezidenti Saud Arabystanynda mukaddes ýerleri hem zyýarat etdi.

Prezident Mirziýoýew 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda gol çeken karary bilen Ymam Bugari Ýokary döwlet baýragyny döredipdi. Şol baýrak ilkinji gezek Saud Arabystanynyň Şasy Salman bin Abdulazize gowşuryldy. Ymam Buhari baýragy Yslam dünýäsiniň mirasyny öwrenýänlere we ylym-bilim pudagyna goşant goşanlara beriler.

Özbegistan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Saud Arabystanynyň raýatlaryna 1 aýlyk wizasyz geliş hukugyny berer. Özbegistan araplar tarapyndan yslam medeniýetiniň merkezlerinden biri hökmünde kabul edilýändigi üçin zyýarata gelmek isleýänleriň sany bolsa gerek.

Saud Arabystanynyň “AJWA Power” firmasy Özbegistanda ýel energiýasyny öndüriji desgalary gurýar. Firmanyň bu pudakda goýan maýasy 2,6 milliard dollara barabar. Özbegistanyň Energetika ministrligi hem pudak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin 12 millliard dollarlyk täze ylalaşyga gol çekişilendigini habar berdi.

Özbegistan 2030-njy ýyla çenli sarp edilýän energiýanyň 25 göterimini gaýtadan işlenýän energiýa serişdelerinden öndürmegi meýilleşdirýär.

Saud Arabystanynyň häzirki wagta çenli Özbegistana goýan gönüden maýasy 1,5 milliardn geçdi. Şol maýa goýumyň ýarysyndan gowragy soňky bäş ýylda goýuldy. Prezident Mirziýoýewin netijeli geçen Saud Arabystanyna saparyndan soň iki ýurduň gatnaşyklary hasam öser.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Saud Arabystanynda täze nebit we gaz ýataklary tapyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Saud Arabystanyň Mirasdar Şazadasy Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Er-Riýadda metro açyldy