Özüne gereginden artyk energiýa öndürýär

Botswanada üçegi Gün paneli bilen örtülen kiçiräk gaýyk işlenip taýýarlandy. “Pangolin Voyager” atly kiçiräk suw ulagynyň aýratynlygy özüne gereginden artykmaç elektrik energiýasyny öndürýär.

Gäminiň üçinde meýdany 200 inedördül metr bolan 80 sany Gün paneli bolup, 22 kW-lyk elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.Batareýa we tok bilen işleýän motor bilen üpjün edilen gäminiň ýokary tizligi sagatda 35 kilometre ýetýär.

Gezelenç gämisi Afrikanyň kenarlaryny ýakyndan synlamak maksady bilen işlenip taýýarlanypdyr.Uzynlygy 35 metre, ini 10 metre barabar bolan gaýygy Angliýanyň “Rad Propulsion” kompaniýasy öndüripdir.Gezelenç gaýygynda lýuks otaglar, syýahatçylaryň düşüren suratlaryny işlemekleri üçin kompýuter otagy ýaly aýratynlyklar bar.

Pes tizlikde sessiz hereket edýän gämi ýabany jandarlary hem ürküzmeýär.Bu bolsa, syýahatçylara ýabany tebigaty has ýakyndan synlamaga mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder
ÝUNESKO Ahalteke atçylyk sungaty boýunça Türkmenistanyň Hödürnamasyna sereder
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy