Ogulabat Berdimuhamedowanyň hatyrasyna belli güni agzaçar sadakasy berildi

Ogulabat Berdimuhamedowanyň hatyrasyna belli güni agzaçar sadakasy berildi

Şu gün Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli güni agzaçar sadakasyny berdiler. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, agzaçar sadakasyndan öň metjitde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg etdi.

Belli gün agzaçar sadakasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli salamlaşyp:

— Şu gün halkymyzyň mukaddes däp-dessuryny, ynsanlyk borjumyzy berjaý edip, käbäm ejem Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap mukaddes Remezan aýynda belli güni agzaçar sadakasyny berýäris. Ejemiň aradan çykmagy zerarly, köp sanly raýatlarymyz, şeýle hem dürli ýurtlaryň döwlet hem-de Hökümet ýolbaşçylary gynanç bildirýärler. Munuň üçin ähliňize taňryýalkasyn aýdýaryn — diýip belledi.

Käbäm ejemde hemme enelere mahsus ýagşy gylyk-häsiýetler jemlenipdi. Ene mähri, ene mukaddesligi tutuş dünýäni saklap duran güýçdür diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, nahar çekildi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady.

***

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň baş metjitlerinde, şeýle-de Mary şäherindäki Gurbanguly hajy baş metjidinde hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň enesi Ogulabat eje ýagşylykda ýatlanylyp, onuň jaýynyň jennet, ýatan ýeriniň ýagty bolmagy dileg edilip, agzaçar sadakalary berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny döretmek bilen bagly alnyp barylýan işler maslahatlaşyldy
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistanda Ogulabat Berdimuhamedowany hatyraladylar, Türkmenistan 2022-nji ýylda Russiýa pomidor eksport edijileriň esasylarynyň birine öwrüldi, Aşgabada MAZ AGPJ-niň wekiliýeti geldi we beýleki habarlar
Prezident Erdogan, Gurbanguly Berdimuhamedowa Gynanç Bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri we türk Lideri telefonda söhbetdeş boldular
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy