Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Dünýäniň ýokary okuw mekdeplerini bahalandyrýan THE Times Higher Education guramasynyň resmi saýtynyň (theawardsasia.com) habar bermegine görä Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýanyň iň abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan “THE Awards Asia 2026” bäsleşiginiň gysga sanawyna, ýagny iň gowy uniwersitetleriň 8-ligine “Ýylyň STEM ylmy-taslamasy” (STEM Research Project of the Year) ugry boýunça saýlandy.

Aziýa sebitiniň uniwersitetleri tarapyndan 500-den gowrak işiň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde, 10 sany ugur boýunça iş alyp baran diňe iň gowy 8 sany uniwersitetiň “gysga sanawy” (shortlist) yglan edildi.

Bu sanawda ýurdumyz bilen bir hatarda Ýaponiýa, Singapur, Koreýa Respublikasy, Tailand, Malaýziýa, Türkiýe, Hindistan we Gonkong ýaly ylmy-tehnologik taýdan ösen döwletleriň iň gowy ýokary okuw mekdepleri bar.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu uly sepgide eýýäm ikinji gezek ýetmegi başardy.Uniwersitet 2024-nji ýylda hem Merkezi Aziýada ilkinji bolup bu sanawa girdi. 2026-njy ýyldaky bu täze üstünlik bolsa, Türkmenistanda ylmyň durnukly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Uniwersitetiň ýaş alymlary tarapyndan taýýarlanan “Howply galyndylary ýokary arassalykdaky gipse öwürmek: durnukly materiallary öwrenmek ylmynda täze öwrülişik” atly ylmy işi dünýäniň bilermenleriniň ünsüni çekdi.

UniRank-2026-nyň maglumatlaryna görä, Aziýada 6300-den gowrak ýokary okuw mekdebi bar. “THE Awards Asia” baýragynyň gysga sanawyna ikinji gezek girmegi, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň çalt depginler bilen ösýändigini we dünýä derejesinde bäsleşige ukyplydygyny görkezýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gonkongda geçiriljek Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň dowamynda yglan ediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti THE Awards Asia 2026 bäsleşiginiň iň gowularynyň biri boldy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Aziýanyň iň gowy uniwersitetleriniň sekizligine girizilmegi mynasybetli maslahat geçirildi
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny