Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Student Recruitment Campaign of the Year ugry boýunça sanawyň sekizligine girmegi başardy.

Angliýada we Irlandiýada eýýäm 19 ýyldan bäri hereket edýän, dünýäde Oscars of higher education ady bilen giňden tanalýan Times Higher Education Awards Asia baýraklary THE Awards Asia ady bilen häzirki wagtda Aziýa yklymynda hem doly ýola goýuldy. Ol uniwersitetleriň akademiki, ýolbaşçylyk, dolandyryş we hünär hyzmatlary ýaly dürli ugurlary boýunça alyp barýan işlerini ykrar edýärler.

Bu baýraklaryň altynjy gezekki neşirine 17 ýurtdan 80 finalçy dalaş edýär. Bu ýyl uniwersitetlerdäki çäreleriň ähli görnüşlerini öz içine alýan 10 ugur boýunça 600-den gowrak ýüz tutmalar kabul edildi. Student Recruitment Campaign of the Year ugry boýunça sanawyň sekizligine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem girmegi başardy.

Talyplyga dalaşgärleriň isleglerini we gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersiteti (TITU) ýokary derejeli zehinleri çekmäge, yhlasly we erjel talyplaryň jemgyýetini döretmäge çalyşýan öňdebaryjy uniwersitet hökmünde tanalýar.

Geçen ýyllarda has köp zehinli talyplary çekmek üçin TITU iki sany ýurt derejesindäki çäräni gurady: ýagny, orta mekdep okuwçylary üçin Oguz hanyň zehinli nesilleri atly integrirlenen olimpiadasy; we 18 — 35 ýaş aralygyndaky raýatlar üçin innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşigi.

Iki çäre hem TITU we onuň akademiki meýilnamalaryny dalaşgärleriň giň toparyna hödürlemekde ýokary derejeli netijeleri gazandy.

THE Awards Asia 2024 sanawynda iň ýokary derejeli uniwersitetleriň arasynda Singapuryň, Günorta Koreýanyň, Gonkongyň, Malaýziýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Filippinleriň, Taýlandyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Pakistanyň, Kambojanyň we beýleki ýurtlaryň uniwersitetleri hem bar.

Bu baýrak Türkmenistanyň uniwersitetleriniň Aziýanyň we dünýäniň abraýly uniwersitetleriniň sanawyna goşulmak işjeňligini görkezýär.UniRank reýtinginden mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Aziýada resmi taýdan ykrar edilen 6065 ýokary okuw mekdebi bar.

Ýeňijiler 29-njy aprelde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek dabarada mälim ediler. Bu çäre Sunweý uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Aziýa uniwersitetleriniň sammitiniň ilkinji güni tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň zenan futbol topary CAFA çempionatynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Aşgabatda çagalara beden temmisini bermäge garşy kanuny göreşiň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda ilkinji gezek Go Viral festiwaly geçiriler, AŞTU-nyň merkezi binasynda öz-özüňe hyzmat etmek boýunça terminallar ornaşdyryldy
Lenovo ekransyz konseptual noutbuk bilen tanyşdyrdy
Bakuwyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada we GDA-da iň gowy diýlip yglan edildi